Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy meýilleşdirýär

Image description

26-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we gämileriň gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara standartlara laýyklykda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, deňiz-derýa pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistan Halkara Deňiz …

Metbugat gullugy