Tbilisi diňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy

Image description

2024-nji ýylyň 18-nji maýynda beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Tbilisi şäher häkimligi Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyrdy.

Tbilisi teleýaýlym diňi şäheriň ajaýyp görküni açýan Mtatsminda seýilgähiniň çäginde ýerleşýär. Ol Tbilisiniň nyşanlarynyň biri bolup, ony şäheriň ähli künjeginden diýen ýaly görmek mümkindir.

Tbilisi diňiniň Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylmagy, şeýle hem 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň çäklerinde gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň açylmagy iki ýurduň doganlyk halklarynyň birek-birege bolan hormatyny we dostlugyny ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar.

Tbilisi teleýaýlym diňi iki günüň dowamynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Tbilisi diňi Türkmenistanyň …

Metbugat gullugy