Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri türkmen talyplaryna birbada magistriň iki diplomyny almagy hödürleýär

Image description

A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersiteti (KMGTU) hem-de Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Raýat goranyş akademiýasy daşary ýurtly talyplar üçin bilelikdäki magistr maksatnamasyny ýola goýdular. Bu maksatnama — «Tehnosfera howpsuzlygy» we «Şäher häkimlikleriniň betbagtçylyklara durnuklylygy» ugurlary boýunça birbada iki sany magistr derejesini almaga mümkinçilik berer.

Okuwlar adaty hem-de uzak aralykdan (TEAMS platformasynda) iki ýyllap dowam eder. Okuwlar üstünlikli tamamlanandan soň, talyplar Russiýanyň iki ýokary okuw mekdebiniň diplomyny alarlar. Bu özboluşly mümkinçilik ilkinji gezek döredilip, Türkmenistanyň raýatlary üçin hem elýeterlidir diýlip, ýurduň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň web saýty habar berýär.

KMGTU bilen Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň akademiýasynyň bilelikdäki taslamasy daşary ýurtly talyplaryň birbada iki sany isleg bildirilýän ugurda — tehnosfera howpsuzlygy we betbagtçylyklardan goramak boýunça çuňňur bilim almagyna ýardam berýär. Munuň özi uçurymlara öz ýurtlarynda hünär işiniň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Russiýanyň iki ýokary okuw mekdebiniň bu başlangyjy ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak pudagynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Russiýanyň ýokary okuw …

Metbugat gullugy