Ýelden batly bedewler.

Hormatly Pezidentimiziň “Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiziň ajaýypdan näzik owadanlygynda, duýgurlygynda, ýüwrükliginde, wepalylygynda türkmen atçynaslaryň yhlasly zähmeti ýatandyr” diýip belleýär. Munuň özi bedewlerimize hem-de atçynaslarymyzyň zähmetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby ýurdumyzda bedewlere bolan hormatyň ýüze çykmagydyr.

   Halkymyz ahalteke atlaryny toýa altyn-kümüş, şaý-sepleri bilen bezäp getirýär. Milli at lybaslary bilen bezelen ahalteke bedewleri göwünleri galkyndyrýar. Halkymyzyň şöhratly taryhyna şanly sahypalary ýazan at owazasy äleme dolan, ýyndamlykda, gözellikde deňsiz-taýsyz türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary halkara bäsleşiklere taýýarlamak, ýaş nesilde ganatly bedewlerimize söýgini we sarpany terbiýelemek babatda durmuşa geçirilýän beýik işler bizi diýseň begendirýär.

Türkmen halkynyň taryhy bedewler bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. At türkmeniň hemrasydyr we buýsanjydyr. Halkymyz öz bedewlerine iň gowy häsiýetlerini siňdiripdir. Bu sözüň aňyrsynda uly hakykat, uly umytlar bar. Türkmen öz atyny janyndan eý görýär. Muny “Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň- atyňy” diýen nakylyň manysy hem aýdyň subut edýär. Şeýle hem halkymyzda “At agynan ýerde toý bolar” diýilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda türkmen atlarynyň sanyny köpeltmäge nesil arassalygyny saklamaga uly üns berilýär. Ýurdumyzda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň döredilmegi hem atçylyga goýulýan sarpanyň çäksizdiginiň alamatydyr. Seýisçilik, atbakarlyk, çapyksuwarlyk, atçynaslyk ýurdumyzda öwrenilýän hünärlere öwrüldi. Dünýäde atlaryň 250-den köpräk görnüşi bolup, türkmen ahalteke bedewleri şolaryň iň gadymysy we owadanydyr. Taryhçylar biziň eramyzdan öňki VII-VIII asyrlara degişli. Orta Aziýanyň iň gowy atlary bolan nusaý atlary barada gyzykly maglumatlar berýärler.

     Halkymyzda “At-myrat” diýen nakyl bar. Bu gysga, ýöne manysy çuň nakylyň dilden-dile atlaryň her bir hereketini, häsiýetini öwrenýärler. Olar ata çemeleşenlerinde atyň näzik dünýäsine saýhallylyk bilen aralaşmaga, çapuwa taýýarlanan atlar bilen taýýarlyk işleriniň geçirilişine aýratyn üns berýärler. Çünki at öz üstündäki çapyksuwaryň hereketine düşünýär. Atyň namysjaňlygy, duýgurlygy ynsan häsiýetine çalymdaş.

   Türkmen bedewiniň çarpaýa, galşy, kişňeýşi, towsaklaýşy, aýgynyň inçeden uzynlygy toýnaklaryň beýikligi, boýnunyň uzyn hem gelşikliligi daşary ýurtly atçynaslaryň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedewlerimiziň şanyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlarynda uly dabaralar geçirilýär. At çapyşyklarynyň guralmagy her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” bäsleşiginiň geçirilmegi ahalteke atlarynyň şan-şöhratynyň artmagynda, iň owadan ahalteke bedewini saýlap seçmekde möhüm ähmiýete eýedir.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Atçylyk sport toplumlarynda ýetginjeklerimiz öz ömürlerini ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmäge, olary kämilligiň belent nusgasy derejesine ýetirmäge sarp edýän tejribeli seýislerden ussat çapyksuwarlardan tälim alýarlar.

    Türkmeniň gapysynda bedewiň kişňäp durmagy rysgal-döwletliligiň nyşany hökmünde halk hakydasynda orun alypdyr.

      Zergärler we senetçiler tarapyndan atlaryň bezeg esbaplary, şaý- sepleri kämilleşdirilip, sungat derejesine çenli ösdürilýär. Eýer ýasamak, ýona tikmek ýaly hünärler bilen meşhurlyk gazanan ussalar il arasynda uly abraýa eýe bolupdyrlar. Senetçi ussalaryň arkama-arka kämilleşdirip gelen hünärleriniň biri hem ýona tikmek hasaplanypdyr. Ýona, adatça, eýeriň aşagyndan salnypdyr we atyň arkasyny ýara bolmakdan gorapdyr. Ol köplenç, malyň derisindan, kähalatda keçeden tikilipdir. Ýonaçylyk senediniň kämil derejä ýetmegine zenanlar hem öz goşandyny goşupdyrlar. Olar ýonanyň daş-töweregini dürli nagyşlar bilen bezäpdirler.

Bedewi mert münse, çohdur peýdasy,

Namarda zyýandyr üsti bedewiň.

-diýip taryplaýar. Bedewleriň waspy Mätäjiniň şygyrlarynda hem öz beýanyny tapypdyr.

     Hormatly Prezidentimiziň at çapmakda, seýisçilik sungatyny dünýä ýaýmakda görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bolan söügüsi “Bedew” şygrynda hem aýdyň ýüze çykýar:

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,

Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,

Ýüregimde ebedilik aýdym sen,

Waspyň sena boldy, dillere bedew!

       Ýer ýüzünde ahalteke bedewlerine uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistan döwletimizde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredilip, daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar ýola goýuldy, häzirki wagtda olar hil taýdan täze derejelere ýetirildi.

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe keramatly topragyň örän çalasyn, gaýduwsyz we edermen goragçysy hökmünde meşhur behişdi bedewleriň at-owazasy arşa göterildi. Hususan-da, her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy ýokary derejede bellenilip geçilýär, şunuň bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirilýär. Bu assosiasiýanyň esasy maksady, birinjiden, türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan ahalteke bedewleriniň zemin giňişligindäki şan-şöhradyny mundan beýläk-de dabaraladyrmak, ikinjiden, daşary ýurtlardaky bedewleriň anyk hasabynyň dürs ýöredilişine pugta gözegçilik etmek, halkara derejesinde atçylyk guramalary bilen özara tejribe alyşmak hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şeýle hem ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamak ýaly döwrüň iňňän möhüm meselelerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

     Döwletimizde ahalteke atçylygyny ösdürmek maksady bilen, behişdi bedewlerimiziň dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrylýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen bäsleşiklerde, festiwallarda baýrakly orunlara mynasyp boldy.

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleri aýratyn üns-alada bilen gurşaldy. Täze atçylyk toplumlary guruldy. Bu desgalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi, şeýle aýlawlar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýär, olarda ýazky hem-de güýzki möwsümlerde at çapyşyklary geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhradymyz” atly kitabynda: “Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhradymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr” diýip belleýär.

      Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiň milli baýramynyň ýurt möçberinde bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen, toý baýramly diýarymyzda türkmen bedewiň sarpasy belent tutulýar. Halkymyza bu eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işlerine rowaçlyk ýaran bolsun.

 

Aşgabat Energetika orta hünär

okuw mekdebiniň talyby

Abaýew Kuwwatguly.