Türkmeniň nepis şaý-sepleri

Her bir halkyň medeniýeti onuň şu gününi, düýnüni özünde jemleýär. Medeniýet- halkyň ýüzi. Türkmeni dünýä tanadan el işlerimiz, zergärçilik, senetçilik... ýaly kesp-kärler täze öwüşgin  bilen dikeldilýär, olar ýaşlara nusgalyk durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär.

     Edebi miras-ebedi miras. Gymmatly mirasymyz biziň düýnümizi, şu günümizi we ertirimizi özünde berk baglaýar. Döwür bilen aňyň sazlanşykly ösmegi netijesinde gadymy mirasymyz hem ösýär. Olar döwrebap ösüşler bilen baýlaşdyrylýar. Şonuň üçin hem milli mirasymyzy ählitaraplaýyn gorap saklamak, ösdürmek, wagyz etmek döwrüň talabydyr.

     Türkmen zergärleri bezeg şaýlaryny kümüşden ýasapdyrlar. Kümüş saglyk üçin peýdaly hasaplanypdyr hem-de göz-dilden, keselden gorag hökmünde ulanylypdyr.

Hormatly Prezidentimiz gadymyýetde zenan maşgalalaryň dakynan şaý-seplaeriniň 36 kilogram agrama barabar bolandygyny beýan edýär. Şeýle agyr altyn-kümüş bezegleri zenanlarymyzyň saglygyny berkidipdirler. Häzirki döwrüň lukmançylygy altyn-kümüş bezeg şaýlarynyň Günüň magnitli şöhlelerinden goraýandygyny tassyklaýar.

     Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, kümüş bezeg şaýlary beýni öýjükleriň ösüşine, nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, ýürek myşsalarynyň öýjüklerindäki ýygrylmalaryny kemeldýär, gan aýlanşygynyň kadaly bolmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem bagyrdan süzülip geçýän gandaky mörjewleri ýok ediji ukyba eýedir.

     Ata-babalarymyz altyndyr kümüş hem-de onuň ýüzündäki reňkli daşlar halallygy alamatlandyrýar diýip hasaplapdyrlar, eýesine rysgal döwlet getirýär, ynsany gözden-dilden goraýar diýen yryma eýeripdirler.

    Ene-mamalarymyz çagany çileden çykaranlarynda, onuň düşüriljek suwyna kümüş teňňe atypdyrlar. Kümüş teňňäniň suwdaky bakteriýalary ýok edýändigine, çagany rahatlandyrýandygyna ynanypdyrlar. Olar kümşe halallygyň, päkligiň, saglygyň çeşmesi hökmünde garapdyrlar. Täze göçülip barlan jaýyň bosagasynda kümüş teňňäniň atylmagy öýüň rysgally bolmagynayrym edilipdir.

    Tükmen halky uzak geçmişiň çuňluklarynda dünýäniň ähli halklaryny  haýran edýän dürli we täsin gymmatlyklary döredipdir. Haly sungaty, saz sungaty, keşdesi, keçesi, bedew atlary türkmeniň gadymdan gelýän dünýä belli gymmatly mirasyna degişlidir. Kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan, ýüzi hayk we pöwrize gaşlary bile bezelen bezeg şaýlarymyz ajaýyp sungatdyr. Şeýle ajaýyp sungat hem türkmen zenanlarynyň gözelligine gözellik goşupdyr.

      Türkmen zergärleriniň ezber ellerinden çykan nepisden ajaýyp, bezeg şaýlary özboluşlylygy, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň şeýle täsin milli bezeg şaýlary zergärleriň, ussalaryň ýokary ussatlygynyň we irginsiz inçe zähmetiniň netijesidir.

Zergärçilikde esasy çig-mal kümüş hasaplanýar. Türkmenlerde bezeg şaýlarynyň dürli görnüşlerini ýasamak üçin kümüşden peýdalanypdyrlar. Sebäbi ol özüniň arassalygy, ýakymlylygy, ýumşaklygy, süýümliligi bilen tapawutlanýar. Altyn bilen işlenilende bolsa (ýüzüne altyn çaýylanda), ol bu häsiýetlerini ýitirmän, gaýtam utgaşyp, sazlaşyp has hem gözel, täsin görünýär.

      Türkmen milli bezeg şaýlary özleriniň köpdürliligi, gelşikliligi, nagyşlaryň nepisligi bilen tapawutlanýar. Bezeg şaýlarynyň ýüzüne salynýan nagyşlaryň özboluşlu taryhy aňladýan belli bir manysy we häsiýetli aýratynlygy bardyr. Nagyşlar zergärleriň durmuşyny, dünýägaraýşyny, arzuw isleglerini, jemgyýetde bolup geçýän özgerişiklere, täzeliklere, hadysalara olaryň seslenişlerini görkezýär.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyz , geçmiş medeniýetimiz, baýlaşdyrylýar, ýokary derejede ösdürilýär.

    Altyn-kümüşi diňe bir bezeg şaýy görnüşde ulanman, saglygy bejermegiň, berkitmegiň serişdesi hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Mysal üçin Omar Haýýam “Nowruznama” diýen eserinde dili agyr çagalara tylla jamdan suw içirilse, peýdasynyň köpdügini mundan on asyr öň ýazypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza örän uly sarpa goýýar. Milli mirasymyzyň dürdänesi bolan zergärçilik sungatyny ösdürmäge, asyl nusgadaky bezeg şaýlaryny döwrebap usullarda ýasamaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem bu gadymy sungatymyz ýöredilýär, döwrebap ösdürilýär.

      Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasamagy başarypdyrlar. Ussa senetçilerimiziň sünneläp ýasan ajaýyp eserleriniň içinde gyz-gelinleriň dakynýan şaý-sepleri dürli-dürliligi bilen tapawutlanypdyrlar.

       Zergärler öz sungatynyň üsti bilen özleriniň gelin-gyzlaryny boýdan-başa bezäpdirler. Şaý-sepleri dakynmak ýeňil bolmandyr. Durşun aowaz bolup duran şaý-sepler gaty usullylygy, ykjamlygy, asyllylygy talap edipdir. Sähelçe artykmaç hereket edilende olar her bir adamyň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň üçin türkmen gyzlarynyň oturyp-turuşlary, özlerini alyp baryşlary asyllylyga we edeplilige ýugrulandyr.

     Şaý-sepler daşky sypatlary, milli häsiýetleri bilen utgaşyp, şol halkyň milli derejesini kemala getirýär. Şonuň netijesinde her bir halkyň ýörelgelerinden ugur alýan egin-eşiklerinde, şaý-seplerinde özboluşly aýratynlyklar saklaýar.

    Türkmen şaý-sepleri özboluşlylygy we deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanýarlar, şeýle şaý-sepler başga hiç bir halkda duş gelmeýär. Her bir şaý-sep başarjaň elleriň we daş ýarýan zehiniň önümi bolup aklyňy haýran edýär. Şaý-sepleriň gelin-gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen türkmeniň zenan maşgalasyna goýýan sarpasydyr. Türkmen şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzyň mertebesidir. Gadymyýetden gözbaş alýan milli şaý-seplerimize bolan isleg we talap örän uly bolupdyr. Zenan şaý-sepleriniň görnüşleriniň hiç biri hem biri-birini gaýtalamaýar. Şolaryň hili gyşarnyksyz berjaý edilipdir, bu endik her bir zergäriň ganyna siňipdir.

 

Aşgabat Energetika orta hünär

okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby:

Orazmuhammedowa Mähriban.