TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ
AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar.
2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
3. Elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy.
4. Elektrogeçiriji ugurlaryny gurnamak we ulanmak.
5. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
6. Elektrik beketlerinde suwuň, ýangyjyň we çalgy materiallaryň tehnologiýasy.
7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
8. Kompýuter torlary.
9. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.
Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär:
Fizika dersi boýunça ;
Matematika dersi boýunça;
Türkmenistanyň taryhy;
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13, tel.: 42-83-73, 49-48-16, 49-36-01.